SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen dzudoçylary Portugaliýada geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşarlar

Bu ýurduň Almada şäherinde 2023-nji ýylyň 27 ― 29-njy ýanwary aralygynda geçjek Gran-pri ýaryşyna dünýäniň döwletleriniň 68-inden türgenleriň 452-siniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu tutumly bäsleşige ýurdumyzdan dzudoçylaryň 10-synyň gatnaşjakdygy, olaryň 7-siniň bolsa Lebabyň göreş mekdebiniň uçurymlarydygy bellärliklidir. Lebaply türgenleriň 4-si erkekler, 3-si bolsa zenanlardyr. Olar Hakberdi Jumaýew, Aýbek Omirow, Serdar Rahimow, Şatlyk Seýitmyradow, Kurbanaý Kurbanowa, Maýsa Pardaýewa we Zulhumar Daşkinowa dagylardyr. Uly halkara ýaryşy geljek ýylda Parižde geçjek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur bolan utuklary toplamakda ähmiýetli bolar. Biz türgenlerimize şowly çykyş edip, türkmen sportunyň abraýyny belende götermegi arzuw edýäris.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: