JEMGYÝET

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini yglan etdi

«Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kardeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde okyjylaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli guralýan bäsleşik «Ýaşlaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» diýlip atlandyryldy. Oňa makalalar, hekaýalar we goşgular kabul ediler. Materiallar 2023-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul ediler. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemlener we ýeňijilere guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: