JEMGYÝET

Türkmen alymlary täze zyýansyzlandyryjy serişde taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty «Ýodomal» atly täze zyýansyzlandyryjy serişde taýýarladylar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar
Türkmen hünärmenleri adaty ýeralmanyň düzümine barlag geçirenlerinde, onda ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän poliwinil spirtiniň ornuny tutýan serişdäniň bardygyny ýüze çykardylar.
Himiýaçylaryň barlaglarynyň netijesinde ýokary molekulýar birleşme alyndy. Ol poliwinil spirtinden pes bolmadyk azyk krahmalyny ergin görnüşe getirmek arkaly alynýar. Barlaglar türkmen hünärmenleriniň sintezirlän serişdeleriniň ýoduň adam bedenine bolan gatnaşyklaryny uzaldýandygy, şeýle hem bedende gyjynma döretmeýändigi bilen artykmaçdyr.
Şeýle hem, ýerli çig mallar peýdalanylanda bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşinden birnäçe esse arzan duşýändigini bellemeli. Taýýar bolan serişde öz ähmiýetini ýarym ýylyň dowamynda saklaýar.
Häzir «Ýodomala» patent alynmagyna garaşylýar. Onuň dünýäde antiseptik hökmünde ulanylýan «Ýodonalyňka» meňzeş häsiýeti bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply