TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy

Lebap welaýat häkimliginde «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Oňa dürli pudaklarda we ulgamlarda zähmet çekýän öňdebaryjylar mynasyp boldular.
Medal Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli döredildi. Onuň bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Permana gol çekdi. Lebap welaýatynda bu döwlet sylagyna 20 adam mynasyp boldy. Olaryň arasynda nebit-gaz toplumynyň, oba hojalyk pudagynyň, maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynyň, söwda, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk we senagat pudaklarynyň wekilleri, döwlet işgärleri bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply