TÜRKMENISTAN HABARLARY

Surat sergisi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi guraldy. Onda mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Şemşat Saparowanyň çeken suratlary goýuldy.


Awtoryň «Türkmen bedewi», «Güller çemeni», «Miras», «Amyderýanyň kenarynda» we beýleki eserleri çuň milliligi bilen tapawutlanýarlar. Ýerlikli ulanylan reňkleriň sazlaşygy nakgaşyň gözi bilen taryha we şu günler daşymyzy gurşap alan gymmatlyklara seretmäge mümkinçilik berýär. Goýlan suratlar filosofiýa baýlygy bilen hem sergä tomaşa edýänleriň ünsüni ösüne çekýär. Olarda ýörite çeperçilik serişdeleriň kömegi arkaly geçmiş bilen şu günüň özara baglanyşygy açylyp görkezilýär.
Şemşat Saparowanyň şu ýyl Lebap welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlap, şu mekdepde işe başlady. Onuň bäri sergisi ilkinjisi däldir. Ol sentýabr aýynyň başyndan mekdebe işe gelen günleri hem özüniň şahsy sergisini gurapdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply