JEMGYÝET

Lebap welaýatynda teklipçi topary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürledi

Lebap welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda welaýatyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi, diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Ol Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynda hasaba alyndy. Dälaşgäre degişli şahadatnama gowşuryldy.

Indi onuň öňünde beýleki dalaşgärler ýaly, saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilýän maslahatlarda, mejlislerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek wezipesi dur.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: