YKDYSADYÝET

“Titi” haryt nyşanly alkogolsyz içgilere isleg barha artýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muzaffar Bazarowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda işe girizilen önümçilik bölümi Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar.

Limon, şetdaly, nar, garpyz ýaly önümleriň şirelerinden taýýarlanylýan sowuk gara çaýlary öndürmek üçin zerur bolan esasy çig mal Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Döhler” kompaniýasyndan satyn alynýar.

“Titi” haryt nyşanly alkogolsyz içgileri öndürýän bölümde şu ýylyň başyndan bäri mineral suwlaryňdyr alkogolsyz içgileriň 4,5 million manatlykdan gowragy, has takygy, 67 müň 900 daly öndürildi. Taýýar önümler söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: