SYÝASAT

Telekeçi Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär görkezildi

«Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

Bu meselä Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda seredildi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisinde dalaşgär bellige alyndy we oňa degişli şahsyýetnama gowşuryldy, diýip, «Türkmenistan gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: