DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Soçide bütin ýylyň dowamynda işleýän kurort gurarlar

2029-njy ýylda Soçide ýylda 1,5 million adam kabul etmäge mümkinçiligi bolan bütin ýylyň dowamynda işleýän kurort peýda bolar, diýip, Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

Ähli möwsümleýin «Dolina Wasta» kurortyny Soçiniň daglyk klasterinde gurmak göz öňünde tutulýar. Ol ýerde syýahatyň saglygy dikeldiş, dag lyžasynda typmak, ekologiki we beýleki görnüşleri ösdüriler.

Myhmanhanalaryň nomerleriniň umumy sany 3,3 müň bolar we olar bir wagtyň özünde sekiz müňe ýakyn adamy kabul edip bilerler. «Dolina Wastanyň» obýektlerinde 2,5 müň täze iş orunlary dörediler, işgärler üçin aýratyn ýaşaýyş jaýlary gurular.

Kurort 3,8 müň gektar meýdanda ýerleşer. 13 kilometre barabar asma ýol 80 kilometre barabar dag lyžalarynyň ýollaryny birleşdirer. Bar bolanlaryny hem hasaba almak bilen, typylýan zolagyň umumy uzynlygy 300 kilometre ýeter.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: