SYÝASAT

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi boldy

2-nji dekabrda Moskwada Ýewraziýa kongresiniň meýdanynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň tamamlanyp barýan ýyldaky soňky mejlisi boldy, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň Maslahatçysy Serdar Durdyýew gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerinde özara ykdysady gatnaşyklaryň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar we käbir resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde gol çekmek üçin ykdysady we sosial meseleleri içine alýan meseleleriň giň spektri bilen tanyşdyryldy. Ykdysady geňeşiň indiki mejlisi 2022-nji ýylyp 18-nji martynda Moskwada halkara söwda Merkezinde geçiriler. Şol gün Halkara ykdysady forumy bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: