BILIM

TDMI-niň üç talyby onlaýn-olimpiadanyň ýeňijileri boldular

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Didar Akyýew, Azire Şamyradowa, Gülruh Emelowa filosofiýa boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň geçirilen onlaýn-olimpiadanyň ýeňijileri boldular. Ony Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň gurady.

Olimpiada gatnaşanlar iki ugur boýunça ̶ birinjide, filosofiýa hünäri boýunça okaýan, ikinjide – beýleki hünärler boýunça okaýan talyplar bäsleşdiler.

«Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň habar bermegine görä, TDMI-niň talyplary ikinji ugur boýunça ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: