YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda süýdüň öndürilişiniň mukdary artýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri süýdüň öndürilişiniň mukdaryny artdyrdylar. Üstümizdäki ýylyň dokuz aýynda olar 1 müň 480 tonnadan geçirip süýt sagdylar. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 215 tonna ýakyn köpdür. Diňe sentýabr aýynda bu önümiň 120 tonnasy sagyldy.

Welaýatda 54 telekeçi sagymlyk sygyrlary idetmek bilen meşgullanýarlar. Olaryň hususy fermalarda idedilýänleriniň sany 5 müň 300-e ýetdi.

Telekeçiler, şol sanda oba hojalygy bilen meşgullanýanlara döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Maldarlar ot-iým ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär, olar mal satyn almak üçin ýeňillikli karzlardan peýdalanýarlar. Bu bolsa olara mallaryň baş sanyny köpeltmäge şert döredýär. Eýýäm 100-e çenli sagymlyk sygyrlar saklanylýan köp sanly fermalar peýda boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: