YKDYSADYÝET

Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar

Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynda şu ýylyň geçen döwründe gurluşyk önümleriniň 19 million 500 müň manatlykdan gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Has takygy, bu döwürde keramiki kerpijiň 3 million 100 müňüsi, gurluşyk üçin betonyň 13 müň kub metre golaýy, harytlyk betonyň 4 müň kub metrden gowragy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli artykdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: