Mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda orta mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaşlarda Watan waspy suratda beýan» at bilen surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan bu bäsleşik Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň binasynda geçirilip, oňa bagtyýar döwrümizi, döwlet nyşanlarymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän surat eserleriniň köpsanlysy gatnaşdyryldy. Eminler toparynyň gelen netijeleri görä, Türkmenabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahar Ýusupowa, 7-nji orta mekdepden Jemal Muhammedowa we 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Alihan Welipow bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector