SPORT WE SYÝAHAT

Täk ýaşly küştçüler ýaryşdylar

Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde täk ýaşly oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we Kerki etrabyndan başga ähli etraplardan 7—17 ýaş aralygyndaky oglanlaryň we gyzlaryň 304 sanysy gatnaşdy. Olaryň 202-si oglanlardyr we 102-si gyzlardyr.

Birnäçe günläp dowam eden ýaryşlarda  Türkmenabat şäheriniň küştçüleri üstünlikli çykyş etdiler. Olar mümkin bolan 36 baýrakly orunlaryň 28-sini eýelediler. Hormat münberiniň basgançaklaryna çykan türgenleriň ählisi hem 13-nji sport mekdebinde tälim alýan oglanlar we gyzlardyr. Bu mekdebiň küştçüleriniň döwlet derejesindäki ýaryşlarda hem örän şowly çykyş edýändigi bellärliklidir. Fewral aýynda Aşgabat şäherinde 8—18 ýaşlylaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda şu mekdebiň küştçüleri mümkin bola 36 baýrakly orunlaryň 24-sni eýeläpdiler.

Dänewden gelen küştçüler 5, Çärjew etrabynyň wekilleri 2 we Seýdi şäheriniň topary 1 baýrakly orunlary eýelemekleri başardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: