TÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu ýyl Lebap welaýatynda 1010 tonna çig pile öndürmek bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, şu ýyl Lebap welaýatynda 1010 tonna çig pile öndürmek bellenildi. Milletiň Lideri degişli Karara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda geçirilen mejlisinde gol çekdi.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply