YKDYSADYÝET

«STT» hususy kärhanasynda kafel üçin ýelim öndürilýär

«STT» hususy kärhanasynda kafel üçin ýelim öndürmeklik ýola goýuldy. Häzirki wagta çenli gurluşykda giňden ulanylýan bu nümiň 220 tonnasy öndürildi. Onuň 140 tonnasy aprel aýynda çykaryldy.

Kärhanada gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Onuň hünärmenleri geçen dört aýyň dowamynda şpatlýowkanyň 1960 tonnasyny çykardylar. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 1693 tonna köpdür. Maglumatlar kärhananyň aprel aýynda has işjeňleşendigine şaýatlyk edýär. Mysal üçin, öndürilen şpatlýowkanyň 1543 tonnasy aprel aýyna degişlidir. Beýleki önümler boýunça hem öňe gidişlikler bar. Ýanwar-aprel aýlarynda 1593 tonna gips öndürildi. Kärhananyň geçen ýylyň dört aýyndaky görkezijisi 776 tonna barabardy.

Şonuň ýaly-da kärhanada 21 müňden geçirilip gipsokarton, 12 tonna nahar duzy we 260 tonna hek öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: