JEMGYÝET

Halaç etrabynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Saç gyz gözelliginiň zynatydyr» ady bilen bäsleşik geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Şowhunly geçirilen çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, lukmanlar, etrabyň medeniýet merkeziniň işgärleri, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzlar onuň şertine laýyklykda ene-mamalarymyzyň saça ideg edişleri dogrusynda gyzykly gürrüň berdiler, şeýle-de şamar gara saçlary wasp edip döredilen goşgudyr aýdymlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde etrapdaky 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Maýsa Jepbarowa birinji, 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Ogulnäzik Berdiýewa we 40-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýnabat Baýramgeldiýewa dagy degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: