MEDENIÝET

Magtymgulynyň şygryýet gününe bagyşlanan konsert boldy

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan konsert geçirildi. Mekdebiň saz nazaryýeti we milli bölümleriniň guran çäresine mekdebiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

Konsertiň dowamynda türkmen klassyk şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary okaldy, onuň sözlerine düzülen aýdymlar ýerine ýetirildi. Mekdebiň «Mukam» dutar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.  Fortepiano bölüminiň okuwçylary hem şahyryň sözlerine ýazylan sazlardan bölekleri ýerine ýetirdiler.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni her ýylyň 27-nji iýunynda medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: