SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly dzýudoçy dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi

Horwatiýada sportuň dzýudo görnüşi boýunça kadetleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda türkmenabatly Dilýara Kandymowa uly üstünlik gazandy. Ol 40 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Dilýara Kandymowa Türkmenabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň okuwçysy bolup, şäherdäki 4-nji sport mekdebinde tälim alýar. Ony dünýä ýaryşyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Leýla Arslanowa taýýarlady. Bu uly ýaryşa şeýle-de şu mekdebiň türgenleri Zuhra Jumaýewa we Nasiba Narimanowa dagy hem gatnaşýar. Tälimçiler olaryň hem şowly çykyş etjekdiklerine, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjekdiklerine ynanýarlar.