LUKMANÇYLYK

Lukman Gün şöhlesiniň täsirinden goranmak barada maslahat berdi

Saýat etrabynyň Sakar şäher hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary Dilaram Gurbanowa welaýat neşirinde häzirki gyzgyn günlerde Gün şöhlesiniň täsirinden goranmak barada maslahatlary berdi.

Lukmanyň ýazyşy ýaly, ýiti Gün şöhlesinden goranmak üçin hökman kelläňizde başgap bolmaly we saýawan ulanmaly. Ýanyňyz bilen arassa agyz suwuny almaly. Daşardan gyzyp gelip, sowadyjynyň öňünde oturmak we sowuk suwlary içmek maslahat berilmeýär. Şeýle hem bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli. Miweleri, gök we bakja önümlerini köpräk iýmäge çalyşmaly. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýlary, şerbetleri içmek örän peýdalydyr. Limon, apelsin we mandarin ýaly önümlerden taýýarlanylan içgileri peýdalanmak ýerliklidir. Bulardan başga-da gün tertibini berjaý etmeli. Rahat uklamaly, işjeň hereketde bolmaly we sport bilen meşgullanmaly.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: