• Wed. Sep 30th, 2020

Türkmenabatda welosipedli ýöriş geçirildi

Apr 26, 2020

Türkmenabat şäherinde uzak aralyga welosipedli ýöriş geçirildi.

«2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» atly şygar astynda geçen soňy uzak aralyga ylgaw bilen utgaşyp giden welosipedli ýörişe ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ylym, bilim we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän adamlaryň, ýokary, ýörite orta we başlangyç okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň uly topary gatnaşdy.

01
02
03
04
05

Previous
Next

Oňa Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil köprüsinden badalga berildi. Weosipedçileriň hatary «Ýüpek ýoly» binasynyň ýanyndan geçip, welaýat merkezine gelip girdi. Biraz wagt geçenden soň ýörişe gatnaşyjylar Türkmenabat şäheriniň esasy köçeleriniň biri bolan Bitarap Türkmenistan ýoly boýunça hereketlerini dowam etdirdiler. Welosipedçiler şäheriň Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň ýanyndan öwrüm edip,  20 kilometr ýol geçip, Türkmenabat şäheriniň sport toplumyna ýetdiler.

Welosipedli ýörişiň soňy estafeta bilen utgaşyp gitdi. Lebap welaýatyň türgenleri uzak aralyga ylgamakda özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Поделиться ссылкой: