YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda önümçiligiň ösüş depgini artýar

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri geçen ýylkysy bilen deňeşdirilende iki esse diýen ýaly köp izogamm öndürildi. Has takygy, geçen bäş aýda bu önümiň 800 müň inedördül metri çykaryldy. 2021-nji ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 431 müň inedördül metrden sähel köpdi.

Şu döwürde kärhanada suwuk bitum mastikasynyň hem 3 müň 700 tonnasy çykaryldy. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 1 müň 504 tonna ýakyn kändir. Şonuň ýaly-da, kärhanada 2 million 323 müň kerpiç, 320 tonna keramiki plitalary ýelmeýji gury ergin taýýarlanyldy.

Hususy kärhana öndüren izogammynyň 308,71 müň inedördül metrini, suwuk bitum mastikasynyň 1763,45 tonnasyny daşary ýurtlara iberdi. Harytlary, esasan, Özbegistanyň we Türkiýäniň işewürleri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: