DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Sowgat saýlajak bolsaň, «Marusýa» ýüzlenäýmeli

Indi baýramçylyklaryň öň ýanynda sowgat saýlajak bolup azaba galyp ýörmeli däl. Onuň üçin: «Näme sowgat edeýin?» diýip «Marusýa» ýüzlenäýmeli. Bu barada «Российская газета» ýazýar.
«Marusýa» «Mail.ru Group» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan sesli kömekçidir. Ol 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda synag görnüşinde işe girizilipdi. Şol wagt ol internetden gerekli maglumatlary gözlemegi, radioda ýa-da «ВКонтакте»-niň ulanyjylarynyň pleý-listindäki sazy çatmagy, erteki aýtmagy, howa maglumatyny, uçarlaryň we demir ýol ulaglarynyň petekleriniň bahasyny, kinoteatrlaryň iş rejesini bilmegi başarýardy.
Täze endige eýe bolan sesli kömekçi indi, kim bolsun, tapawudy ýok, hemmeler üçin sowgat saýlamaga kömek edip biler. «Marusýa» kime sowgat etjekdigiňizi, onuň näçe ýaşyndadygyny we sowgat üçin näçe pul harç etmäge taýýardygyňyzy sorar. Şondan soň ol sowgatlaryň birnäçesini teklip eder we sargyt etmek üçin «AliExpress»i-iň gerekli salgysyny berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply