YKDYSADYÝET

Ýük daşamakda hem-de ýolagçylary gatnatmakda täze sepgitlere ýetilýär  

Lebap welaýatynda 2022-nji ýylyň geçen on aýynda ýükleriň 84 077,1 müň tonnasy daşaldy we bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwründäkiden 2,4 göterim köpeldi. Ýolagçy gatnadylyşynyň möçberi 135178,6 müň adama ýetdi. Bu-da geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydyr.

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýük dolanyşygy 18,5 göterim, ýolagçy dolanyşygy bolsa 11,3 göterim köpeldi. Geçen aýlarda demirýol ulaglary boýunça hem bu görkezijiler degişlilikde 12,2 göterim we 81,6 göterim artdy.    

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: