JEMGYÝET

Saýat etrabynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Saýat etrabynyň «Balsaýat» toý mekanynda «Eneleriň ýürek arzuwy — Bagtyýarlygyň bagt nagmasy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan çärä ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnadylar.

Etrabyň sungat işgärleri olar üçin ýörite konsert taýýarladylar. Ussat aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda eneler, ynsan gatnaşyklaryndaky inçe duýgular wasp edildi. Tansçylaryň belentden ýaňlanýan sazlara goşup eden hereketleri aýdymlaryň mazmuny bilen utgaşyp gitdi.

Şonuň ýaly-da, bu ýerde gelin-gyzlaryň el işleriniň sergisi hem guraldy.