YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň ekerançylary ýeralmanyň öndürilişini artdyrýarlar

Welaýatyň ähli hojalyklary boýunça şu ýylyň geçen on aýynda ýeralmanyň 109,9 müň tonnasyny ýygnaldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne görä zerur azyk önüminiň öndürilişiniň 2,2 göterim artdyrylandygyndan habar berýär.

Ýeralma ösdürip ýetişdirmekde we ondan bol hasyl almakda Çärjew etrabynyň daýhanlary has öňe saýlanýarlar. Etrap boýunça şu döwre çenli bu önümiň 31 müň tonnasy taýýarlandy. Munuň özi welaýatdan iň ýokary görkezijidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: