JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda çagalar üçin spektakllar görkezilýär

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda çagalar üçin spektakllar görkezilýär, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu ýerde Döwlet Hemraýewiň sahnalaşdyran «Alabaýyň dostlary» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy. Şonuň ýaly-da, teatrda türkmen halk ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan «Ýartygulak», «Külbejik» atly spektakllar hem çagalara görkezilýär. Şu günler teatryň döredijilik topary çagalara niýetlenilen täze sahna eserleriniň üstünde hem işleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: