JEMGYÝETYLYM WE TEHNIKA

Indi türkmen ertekilerini internetde hem okap bolýar

Täze işläp başlan saýtda ertekileri türkmen dilinde okap bolýar. Bu barada Turkmenportal ýazýar.
Saýt tasinhorjun.org diýlip atlandyrylýar. Ol elektron ýygyndy bolup, oňa giren ýaşajyk okyjylar türkmen halkynyň medeniýetiniň bir bölegi bilen tanşyp bilerler. Häzirlikçe onda 40 sany erteki ýerleşdirilen. Onuň üsti yzygider doldurylyp durulýar.
Saýtdaky ertekiler halk we awtorlaryň ertekileri diýen iki bölüme bölünen. Awtorlaryň ertekileri diýen bölüminde Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Kaýum Taňyrkulyýew, Kerim Gurbannepesow ýaly ýazyjylaryň ertekileri goýlan. Saýtyň synag bölümi bolup, onda islän adam ertekiler boýunça bilimini barlap biler.
Ertekiler owadan suratlar bilen bezelen; arhaizmlere (köne sözlere) düşündiriş berlen.
Saýtyň bezegi ýönekeý hem-de düşnükli. Ertekileri onlaýn ýagdaýda okap, şonuň ýaly-da pdf formatda göçürip alyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply