JEMGYÝET

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda konsert geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Welaýat medeniýet müdirliginiň guran konserti Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Soňra welaýatyň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar ýaňlandy. Konsertde welaýat hem-de Türkmenabat şäher çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan zehinli ýaşlar hem çykyş etdiler. «Lebap», «Gyrmyzy» tans toparlary aýdymlary tans bilen bezediler.

«Jeýhun» folklor, Lebap welaýatynyň birleşen bagşylar toparlary hem çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: