YKDYSADYÝET

Serdar nebit önümleri kärhanasynyň görkezijileri artýar

Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Serdar nebit önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 11 million 457 müň manatlyk girdeji gazanyldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 109 göterime golaý ýokarlanandygyny alamatlandyrýar.

Şu döwürde kärhana boýunça ýerleşdirilen nebit önümleriniň umumy möçberi 48 müň 807 tonnadan hem geçdi. Bu görkeziji hem geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 1,5 müň tonna golaý köpdür.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: