YKDYSADYÝET

«Balkanabat» döwlet elektrik stansiýasynda meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi

«Balkanabat» döwlet elektrik stansiýasynda ýylyň geçen 9 aýynda bellenilen meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu kärhanada üstümizdäki ýylyň geçen dokuz aýynda 1,4 milliard kilowat-sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 300 million kilowat-sagada golaý elektrik toguny artyk öndürmegi başaran kärhananyň hünärmenleri häzirki günlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Olar Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: