Türkmenistanyň bäş ýokary okuw jaýynyň talyplary Halkara olimpiýada gatnaşarlar
Türkmenistanyň bäş ýokary okuw jaýynyň talyplarynda düzülen topar maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiadanyň finalynda çykyş ederler. Olimpiada 10 – 14-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň Soçi şäherindäki Sirius federal çäginde geçiriler. Russiýanyň Maliýe gözegçiligi boýunça Federal gullugy, Bilim ministrligi hem-de Ylym we ýokary bilim ministrligi olimpiýadanyň guramaçylarydyr.
Türkmen toparynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ýurdumyzyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary çykyş ederler.