YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda mallaryň baş sany artýar

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Lebap welaýatyndaky ähli hojalyklarda idedilýän iri şahly mallaryň we dowarlaryň baş sany, degişlilikde, 551,4 müňe, 2 887,9 müňe, guşlaryň sany 4197,6 müňe, düýeleriňki bolsa 5,8 müňe barabar boldy. «Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, mallaryň we guşlaryň sany geçen ýylyň degişli döwründäkisinden köpelipdir. Bu bolsa ahyrky netijede maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň artmagyny şertlendiripdir. Has takygy, geçen alty aýda welaýatyň ähli hojalyklarynda etiň 67,7 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 300,9 müň tonnasy, ýumurtganyň 116,6 million sanysy öndürilipdir we ilata ýetirilipdir. Neşirde maldarçylyk önümleriniň aglaba böleginiň hususy hojalyklarda öndürilendigi hem bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: