YKDYSADYÝET

Sanly ulgama geçmek — döwrüň talaby

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alnyp barylýan giň giň möçberli işleriniň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýar we geljege tarap ynamly gadam urýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine dünýäniň soňky gazanan innowasion tehnologiýalary we täze usullary ornaşdyrylýar.
Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda hem ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan sanly ykdysadyýet ulgamyny döretmek we ony dünýä derejesinde ösdürmek göz öňünde tutulýar. Sebäbi, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljekki meýilleri ähli ykdysady işleriň sanlaşmagy bilen baglylykda özgerýär, täze işewürlik modelleri peýda bolýar. Ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, ol nanotehnologiýa, mikro-elektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar. Türkmenistanyň geljek döwür üçin ösüş strategiýasy milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze innowasiýa tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmagy öz içine alýar. Şeýlelikde, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, innowasiýa, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Dünýäniň gazananlary bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyzyň her pudagynyň öňünde sanly ykdysadyýete geçmek üçin anyk wezipeleri goýuldy. Şu aýdyň maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem şunuň bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Gümrük gullugynyň binýadynda iň soňky innowasiýa tehnologiýalary ulanylyp, olaryň üsti bilen gümrük gözegçiligindäki harytlaryň resmileşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry we takyk ýerine ýetirilýär. Şol tehnologiýalar arkaly ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan çykarylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi we barlagy öňki wagtdakylara garanyňda, ep-esli aňsatlaşdy we olary geçirmek az wagty talap edýär. Munda «ASYCUDA WORLD» utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Indi gümrük serhedinden geçiriljek harydyň deklarasiýasyny iberiji dünýäniň islendik ýerinde dolduryp, internet ulgamynyň üsti bilen iberip bilýär. Netijede ýurdumyza getiriljek, daşary ýurtlara çykaryljak, üstaşyr geçiriljek harytlaryň gümrük resminamalaryny çalt taýýarlamaga giň mümkinçilikler açyldy. Sanly ulgamyň gümrük gullugynyň işine ornaşdyrylmagy taraplaryň ählisi üçin hem amatlydyr.
Türkmenistanda diňe bir sebit üçin däl, eýsem, dünýä ähmiýetli halkara ulag-aragatnaşyk ugrunyň möhüm bölegini emele getirýän iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Gazagystan — Türkmenistan — Eýran», «Kerki — Ymamnazar — Akina», «Serhetabat — Turgundy» halkara ulag geçelgeleri, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, «Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe» ugry boýunça üstaşyr ulag taslamasy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmekde möhüm ähmiýetli işlerdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: