SPORT WE SYÝAHAT

Lionel Messi şu gün metbugat konferensiýasyny berer

Düýn ol Fransiýanyň paýtagtyna geldi. Fransiýanyň «Pari Sen-Žermeni» argentinaly hüjümçiniň metbugat konferensiýasyny berýändigini habar berdi. Bu barada fransuz klubynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen, «ТАСС» ýazýar. Metbugat konferensiýasy PSŽ-niň «Park de Prens» stadionynda geçer. Ol Aşgabat wagty bilen 14.00-da başlanar. Ozal parižiň kluby rolik arkaly Messi bilen şertnama baglaşandygyny habar beripdi. Oýunçynyň kakasy «L’Equipe» fransuz gazetine 34 ýaşly futbolçynyň parižliler bilen iki ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşandygyny tassyjklady. 5-nji awgustda Messiniň 2004-nji ýyldan bäri oýnan «Barselona» topary Ispaniýanyň çempionatynyň maliýe düzgünleri sebäpli onuň bilen şertnama baglaşylmajakdygyny yglan edipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: