Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Çärjew etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasy täze hasyly gaýtadan işlemäge taýýar edildi

Aug 11, 2021

Çärjew etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasy «ak altynyň» täze hasylyny gaýtadan işlemäge doly taýýar edildi. Kärhananyň hünärmenleri jogapkärli möwsümiň öň ýanynda enjamlary doly gözden geçirdiler we abatlaýyş işlerini tamamladylar. Enjamlaryň işlemek möhleti tamamlanan şaýlary çalşyldy, beýlekilerine tehniki hyzmatlar edildi. Tereziler, pagta kabul ediljek, gaýtadan işlenenden soň aýýar önümler saklanyljak meýdançalar meýdanlar talaba laýyk ýagdaýa getirildi. Pagta daşamak üçin ulanyljak traktorlar we olaryň tirkegleri abatlanyldy we taýýarlyk hatarynda goýuldy.

Adblock
detector