DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Şagyzy Diananyň köýnegi million dollardan gowraga satyldy

Şagyzy Diananyň gara köýnegi, Golliwuddaky Julien’s Auctions-da 1,148 million dollara satyldy, bu bolsa asyl bahasyndan 11 esse köp.
Ýyldyz nagyşly mahmal agşamlyk köýnegi Uelsiň merhum şagyzyna degişli zatlaryň içinde iň gymmat satylany boldy.

Satuwy gurnaýjylar ilki köýnege 100 müň dollar baha berdiler.

Diana ony ilkinji gezek 1985-nji ýylda Florensiýada agşamlyk naharyna geýipdi. Şol wagt ol ýoldaşy Uelsiň şazadasy Çarlz (häzirki Angliýanyň şasy Karl III) bilen şa gezelenjinde bolupdy.

1986-njy ýylda bu köýnek ýene köpçülige çykdy ― Diana onda Wankuwer simfoniki orkestriniň spektaklynda peýda boldy.

Kolleksiýanyň nusgasy dünýä belli dokma söwdagäri Jeýkob Şlapfer tarapyndan saýlanan matadan taýýarlanyp, Žak Azagury tarapyndan nagyşlanan metal ýyldyzlar bilen bezelendir.

Marokkoly moda dizaýneri Žak Azaguri Diananyň halaýan dizaýnerlerinden biridir we oňa birnäçe köýnekleri tikip beripdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: