YKDYSADYÝET

Sagym mallardan her günde 15-16 tonna süýt alynýar

Bu ýokary görkeziji Ahal welaýatyndaky «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap maldarçylyk toplumyna degişlidir. Hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligine ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumynda Germaniýadan getirilen «aberdin-angus» tohumly mallaryň hojalyga peýdaly alamatlary ylmy esasda öwrenilip, ykdysady taýdan amatlylygy, dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy göz öňüne tutulyp, köpçülikleýin idedilýär.

Maldarçylyk toplumynda idedilýän mallaryň arasynda et we süýt berijiligi bilen tapawutlanýan «simmental», «golşteýn» görnüşli sygyrlar hem bar. Häzirki wagtda bu mallardan ýylyň dowamynda onlarça tonna et öndürilýär. Toplumyň sagym mallaryndan her günde alynýan süýdüň möçberi 15-16 tonnadyr. Süýt, senagat taýdan ýokary talaplara laýyklykda, gaýtadan işlenilýär hem-de süýt kärhanalaryna ugradylýar. Mallaryň ýeterlik ot-iým binýadyny döretmek üçin bölünip berlen ýerde ýorunja, däneli we siloslyk mekgejöwen, beýleki ot-iýmlik ekinler ekilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: