YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde döwlete degişli däl sektoryň paýy barha artýar

Lebap welaýatynyň senagat kärhanalarynda geçen alty aýda öndürilen önümleriň mukdary hususy kärhanalaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetinde barha berk orny eýeleýändigini görkezýär. Olaryň paýynda jemi öndürilen önümiň üçden iki bölegine ýakyny düşýär.

Has takygy, şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatyň senagat kärhanalarynda 9 milliard 850,9 million manatlyk önüm öndürildi. Onuň 6 milliard 425,3 million manatlygy hususy önüm öndürijileriň paýyna düşýär. Onuň galan 3 milliard 425,6 million manatlygy bolsa döwlete dahylly kärhanalarda öndürildi.

Welaýatyň senagatçylary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmekde-de anyk we netijeli işleri alyp barýarlar. Olar ýylyň geçen döwründe sarp ediş harytlarynyň 1 milliard 724,2 million manatlygyny öndürdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: