SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi

Bu tapgyryň çäginde Maryda ýerli «Merw» bilen «Ahal» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk deňlikde (1:1) tamamlandy.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda hem «Aşgabat» bilen «Şagadam» deňme-deň (1:1) oýnadylar.

Balkanabatda myhmançylykda çykyş eden «Altyn Asyr» topary ýerli «Nebitçini» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

«Köpetdag» öz meýdanynda «Energetigi» 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, geçirilen oýunlardan soň 17 utuk toplan «Ahal» futbol çempionatymyzyň birinji aýlawyny ýeňiş bilen tamamlady. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Altyn Asyr» bilen «Şagadam» toparlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň duşuşyklary 26-njy noýabrda geçiriler: «Merw» – «Şagadam», «Nebitçi» – «Ahal», «Energetik» – «Altyn Asyr», «Aşgabat» – «Köpetdag».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: