Soňky ýyllarda seýreklän hem bolsa, portugaliýaly superýyldyz Kriştianu Ronaldu täze rekordlary goýmagy dowam edýär.
Ol Ýewropa çempionatynyň saýlama oýunlarynda 40 pökgi geçiren ilkinji futbolçy boldy.
«Al-Nassryň» 38 ýaşly hüjümçisi Ýewro-2024-iň saýlama oýunlarynda Bosniýa we Gersegowina garşy iki gol geçirdi. Şeýlelikde onuň Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynda geçiren 42-nji duşuşygynda 40-njy goly hasaba alyndy.
Ol bu görkeziji boýunça rekord eýesidir. Irlandiýaly Robbi Kin 44 oýunda 23 pökgi geçiripdi.
Portugaliýaly futbolçy Ýewro-2024 saýlama oýunlarynda 9 pökgi geçirdi. Ondan diňe Belgiýanyň milli ýygyndysyndan Romelu Lukaku (11) öňde barýar.