DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Türkiýe bilen Italiýa Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin bäsleşer

Türkiýäniň Futbol federasiýasy «Ýewro-2028» ýa-da «Ýewro-2032» ýaryşyny geçirmek üçin arza tabşyran bolsa, Italiýanyň Futbol federasiýasy 2032-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyny geçirmek hukugy üçin dalaşgärlik edýär. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýlelik bilen, Türkiýe «Ýewro 2028-i» kabul etmek üçin bilelikdäki teklip hödürlän Beýik Britaniýa we Irlandiýa bilen bäsleşer we ýeňlen halatynda bolsa dört ýyldan soň nobatdaky kita çempionaty geçirmek hukugy ugrundaky ýaryşda italýanlar bilen güýç synanyşar.

UEFA-nyň wekilleri soňky birnäçe aýyň dowamyndaky her bir arzany gözden geçirer we oktýabr aýynda Ýerine ýetiriji komitet haýsy bagtly ýurtlara 2028 we 2032-nji ýyldaky çempionatlaryny geçirmek hukugyna eýedigini aýtsa, şolar üçinem ses berlip başlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: