JEMGYÝET

Prokuratura işgärlerine täze jaýlaryň açarlary berildi

Türkmenabat şäheriniň Fabrik etrapçasynda welaýat prokuraturasynyň işgärleri üçin her haýsy dört gatdan we 16 öýden ybarat bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açylyp, ulanylmaga berildi.

Gurluşygy Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň we «Ykjam diwar» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp barlan ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar döredildi.

Ýeri gelende aýtsak, öýleriň içinde we binalaryň daşynda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary, dynç almaklary üçin zerur bolan şertler hem döredilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: