• Thu. Sep 24th, 2020

Türkmenistandaky işjeň bank kartlary 8 göterim köpeldi

Jul 24, 2020

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda bank kartlarynyň sany 8 göterim artdy. Ýurtda şu ýylyň 1-nji ýanwarynda 3.9 million sany işjeň kart ulanylan bolsa, häzir olaryň sany 4,3 milliona ýetdi.
Soňky alty aýyň içinde fewral aýynda has köp ýüztutmanyň gelendigini aýtmak gerek. Şol aýda 80 935 sany täze işjeň kart taýýar edildi.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» täjirçilik banky ýurtda töleg kartalaryny iň köp paýlan bank edarasydyr. Häzir bankyň müşderileriniň 1,6 millionynda kart bar. Ikinji orny 809 139 işjeň kart bilen «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik banky eýeleýär.
Iň köp bank karty bolan sebit Aşgabat şäheridir. Häzirki wagtda paýtagtlylar 1,6 milliondan gowrak kartdan peýdalanýarlar. Şol kartlaryň 38 göterimi Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankyna degişlidir. Ikinji orny 745 823 kart bilen Mary welaýaty eýeleýär.
«Daýhanbank» ýurduň Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda iň kän kart paýlan bankdyr. Munuň sebäbi bu sebitlerde kärendeçilik bilen meşgullanýan daýhanlaryň sanynyň Aşgabat we Balkan sebitlerindäkiden has köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Soňky dört ýarym ýylda Türkmenistanda bank kartlarynyň sany dört esse artdy. 2016-njy ýylyň ýanwar aýyna çenli dolanyşykda 1 milliondan gowrak bank karty bardy.
Bank kartlarynyň sanynyň köpelendigine garamazdan, ýurtdaky bankomatlaryň sany ýylyň sany şu başyndan bäri üýtgewsiz galýar. Häzir ýurtda 2197 bankomat hereket edýär.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: