JEMGYÝET

Sanly bilim ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, bilim berlişiniň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen  «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa, bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Bu Konsepsiýa maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.  Geçen ýyllaryň içinde ýurdumyzda sanly bilimiň ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýandygyna ählimiz şaýat bolduk.

Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplar, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Sanly bilim ulgamyny  ösdürmek baradaky Konsepsiýanyň öz miwelerini ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem berýändigini görýäris. Diňe biziň Lebap welaýatymyzyň bilim ojaklarynyň mysalynda aýdanyňda hem getirere delil kän.

Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzda orta mekdepleriň arasynda ilkinji onlaýn sapaklar peýda bolup ugrady. Ýaş nesle berilýän bilimiň has çuňňur bolmagyny üpjün edýän şeýle sapaklar mekdeplerde sanly bilim babatynda ähli mümkinçilikleriň döredilmegi bilen geçirilýär. Munuň ilkinji şerti bolsa mekdebiň ýokary tizlikli Internet bilen üpjün edilmegidir. Bu gün welaýatymyzda şeýle mekdepleriň sanynyň gitdigiçe artýandygyny uly guwanç bilen aýdyp bileris.

Sanly bilime geçmek döwrüň talaby. Barha sanlaşýan ykdysadyýet bu işleriň öz gözbaşyny bilim ojagyndan alyp gaýtmagyny talap edýär. Bilim ojaklarynda döredilýän mümkinçilikler bolsa öz miwesini, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bilim alyş derejesinde görkezýär.

Sanly bilimiň rowaç gadamlary Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanyna hem şan goşýar. Biz – mugallymlar türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň geljek Täze  ýylda hem halkara bäsleşiklerinde gazanjak üstünlikleri bilen ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has belende göterjekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Bägül Kuluşowa,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: