JEMGYÝET

Sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň ýerli wekili Ereş Orunowyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde №-nji harby bölümlerde we Darganata, Dänew we Çarjew etraplarynyň harby wekilliginde geçiren çäreleri sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlandy. Olara harby edaralaryň şahsy düzümleri gatnaşdylar.

Çärelerde çilimiň, nasyň we spirtli içgileriň ynsan saglygyna edýän zyýanly täsiri barada giňişleýin gürrüň berildi. Lukmanlar şeýle ýaramaz endikleriň ýürek, gan, damar, öýken bilen baglanyşykly dürli kesellere getirip bilýändigi barada anyk maglumatlara salgylanyp, gürrüň berdiler. Şonuň üçin hem, şeýle endiklerden daşda durmalydygyny ündediler. Bedenterbiýäniň we sportuň adamyň saglygyna, onuň ömrüniň uzalmagyna we uzak wagtlap işjeň ýagdaýynyň saklanmagyna kömek edýändigini düşündirdiler. Şonda olar çärä gatnaşanlaryň ünsüni sagdyn adamdan sagdyn nesiliň dünýä inýändigine, olaryň bolsa ýurduň geljegidigine çekdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: