BILIM

Orta mekdepleriň uçurymlaryna şahadatnamalar gowşuryldy

Lebap welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde 2022 — 2023-nji okuw ýylynda orta mekdepleri tamamlan uçurymlara şahadatnamalaryň gowşurylyş dabaralary geçirildi.

Şu ýyl welaýat boýunça ýaşlaryň 19300-e golaýy orta mekdepleri tamamlady. Olar üstümizdäki aýyň 1-inden 17-si aralygynda orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen dersleriň bäşisi boýunça jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrdylar. Synaglaryň netijeleri ýaşlaryň bilim derejesiniň, ukyp-başarnygynyň ýokarydygyny subut etdi.

Ynha, indi bilimli-sowatly, giň gözýetimli bagtyýar ýaşlar orta mekdepleri tamamlandyklary baradaky şahadatnamalaryň eýeleri boldular. Şu mynasybetli guralan dabaralarda çykyş eden baýry bilim işgärleri, ene-atalar uçurymlara geljekki özbaşdak durmuşynda uly rowaçlyklary arzuwladylar. Şahadatnamalaryň gowşurylyş dabaralary aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: