LUKMANÇYLYK

Haýwanlarda «COVID-19»-dan «gatyk»- waksinasy synagy geçirilýär

Synag lukmançylygy Institutynyň (Sankt-Peterburg) işläp taýýarlan organizme ýumşak täsir edän we ondan çalt bölünip çykarylýan waksinasyny çagalara hem, garry adamlara hem almak bolar. Bu barada çarşenbe güni synag lukmançylygy Institutynyň bölüm müdiri, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň çlen-korrespondenti Aleksandr Suworow «ТАСС»-a habar berdi. Preparat häzir haýwanlarda synagdan geçirilýär. Awtorlar olarda durnukly immun jogabynyň emele gelýändigini belleýärler. Muňa haýwanlaryň ganynda antitelolaryň — A (IgA) we G (IgG) klasly immunoglobulinleriň bolmagy şaýatlyk edýär. Düzüminde süýt-turşy probiotikleriň-bakteriýalaryň bolanlygy üçin serişdäni «gatyk»- waksinasy diýip atlandyrýarlar. Ol serişde geljekde dermanhanalarda kapsula görnüşinde satylar diýip hasaplaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: