JEMGYÝET

«Nordwind Airlines»-iň uçarlary ýangyç guýmak üçin Türkmenabatda gonup geçer

Russiýanyň «Nordwind Airlines» kompaniýasy Moskwa (Russiýa) ― Bohtar (Täjigistan) aralygyndaky uçuşlarda Türkmenabadyň halkara howa menzilinde üstaşyr gonup geçmegini ýene-de dikeltdi. Bu barada « turkmenportal» habar berýär.
Bu gatnawy «Boeing-737-800» uçary bilen amala aşyrýan awiakompaniýa ozalkysy ýaly, ýene-de Türkmenabadyň halkara howa menzilinde ýangyç guýup geçer. Kompaniýanyň resmi web saýtyndaky rejenama görä, bu ugur boýunça gatnaw hepdede bir gezek amala aşyrylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply